| Ashgabat | 25°C
Gyzykly maglumat 13.10.2026, 13:04 4

Zehin, talant we geniallyk: Ynsan ukyplarynyň syrly basgançaklary

Zehin, talant we geniallyk: Ynsan ukyplarynyň syrly basgançaklary

Akylyňy haýran galdyrýan aýratyn başarnykly adamlar barada söz açylanda, köplenç «talant» hem-de «geniý» diýen düşünjeler ýygy-ýygydan ulanylýar. Gelip çykyşy boýunça grekleriň «talanton» sözünden gözbaş alýan «talant» termini adamyň haýsydyr bir ugurdaky adaty bolmadyk ukyp-başarnygyny we zehinlilik derejesini aňlatmak üçin ulanylýar.

Aslynda, tebigy ukyplylyk her bir ynsanda azda-kände bar zatdyr. Çagalykdan alnyp barylýan dogry terbiýe we bilim arkaly çaganyň ukyplaryny ýüze çykarmak we ösdürmek mümkin. Şol sebäpli hem halk arasynda «dogabitdi zehin» diýen aňlatma giňden ýaýrandyr.

Taryha ser salsaň, ylymda, sungatda, edebiýatda, sportda ýa-da lukmançylykda öz aýratyn ukyplary bilen öçmejek yz galdyran şahsyýetler sanardan köpdür. Mysal üçin, dünýä belli kompozitor Wolfgang Amadeý Mosart eýýäm çagalyk ýyllarynda saz babatda örän ýokary ukyp-başarnygyny görkezip, ýaşlykdan eserler döredip başlapdyr.

Emma ýokary zehinlilik diňe dogabitdi ukyp bilen çäklenmeýär; ol köp babatda adamyň çekýän yzygiderli zähmetine baglydyr. Bekden «Talant — bu 10 göterim zehin we 90 göterim azaply zähmetdir» diýilmeýär.

Eger talantly adamlar seýrek duş gelýän bolsa, «genial şahsyýetler» bütin adamzat taryhynda has-da seýrek ýüze çykýarlar. Olar diňe bir aýratyn sebitde däl, eýsem tutuş adamzat taryhynyň ugruna täsir edip biljek derejedäki beýik ylmy açyşlary, ajaýyp sungat hem-de edebiýat eserlerini döredýän adamlardyr.

Şol bir wagtyň özünde, aýratyn bir halkyň taryhy ykbalynda, milli medeniýetinde we ruhy galkynyşynda çuňňur yz galdyran akyldarlary hem bu sanawa goşmak bolar. Bu babatda türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy hem milli we dünýä edebiýatynda çuňňur yz galdyran beýik şahsyýetleriň biridir.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!