Ýewropa Bilim gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bilim gaznasynyň direktory Pilwi Torstiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Onuň dowamynda taraplar bilim we hünär taýýarlygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Global Gateway başlangyjynyň çäklerinde, şol sanda ulag arabaglanyşygyny ösdürmek we sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!