| Ashgabat | 23°C
Syýasat 07.10.2026, 19:29 2

Türkmen-rus hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen-rus hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Sergeý Lawrowyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri, şeýle hem özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!