Türkmen-belarus hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Onuň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler bilen bagly guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!