Türkmen-belarus gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň meýdançasynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň daşary işler ministri Maksim Ryženkowyň duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!