| Ashgabat | 24°C
Syýasat 21.10.2026, 13:41 11

Türkmen-katar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen-katar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
https://mfa.gov.tm

Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, katar tarapyndan bolsa Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraýhi wekilçilik etdiler.

Geňeşmeleriň dowamynda ýokary we iň ýokary derejelerdäki özara saparlary guramak meselelerine aýratyn üns berildi.

Bu saparlaryň syýasy-diplomatik dialogy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigi bellenildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!