| Ashgabat | 29°C
Syýasat 15.10.2026, 17:13 4

Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
Фото: https://mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili Eduards Stiprais bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-ýewropa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri, şeýle hem bar bolan mümkinçilikleri we taraplaryň özara bähbitlerini nazara almak bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmäge hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!