| Ashgabat | 27°C
Jemgyýet 17.10.2026, 16:18 7

Ýeňillikli karzlary bermegiň Tertibi täzelendi

Ýeňillikli karzlary bermegiň Tertibi täzelendi

Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikli karzlary bermegiň täze Tertibi tassyklanyldy.

Resminama Merkezi bankyň başlygynyň 2026-njy ýylyň 24-nji awgustyndaky buýrugy bilen tassyklanyldy we 16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet belligine alyndy.

Täze tertip Merkezi bankyň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda tassyklanan öňki tertibiniň ornuny tutýar. Öňki resminama güýjüni ýitiren diýlip ykrar edildi.

Ýeňillikli karzlary daýhan birleşikleri we daýhan hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri, oba hojalyk ugry boýunça ylmy-barlag institutlary, ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar, ýer kärendeçileri, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçiler we Türkmenistanda hasaba alnan döwlete dahylsyz ýuridik şahslar alyp bilerler.

Karzlar Türkmenistanda hereket edýän 100% daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagyndaky karz edaralaryndan başga, Türkmenistanyň ygtyýarly karz edaralary tarapyndan berler. Karzlaşdyrmak milli we daşary ýurt pulunda amala aşyrylyp bilner.

Karz serişdeleri oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny, ekskawatorlary we buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryş turbageçirijilerini we transformatorlary satyn almak üçin berilýär.

Şeýle hem maldarçylyk we guşçulyk, oba hojalyk önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, hyzmatlary tölemek, esasy serişdeleri we emlägi satyn almak üçin karz almak göz öňünde tutulýar.

Karz serişdelerini ýitgileriň öwezini dolmak, jerimeleri tölemek, temmäki önümlerini we alkogolly içgileri öndürmek, şeýle hem söwda we dellekhana kärhanalarynyň dolanyşyk serişdelerini döretmek üçin ulanmak gadagan edilýär.

Karz alyjylar üçin ýyllyk göterim derejesi 1 göterim, karzyň möhleti bolsa 10 ýyla çenli bellenildi.

Tehnikalary we enjamlary satyn almak üçin alnan karzlar her ýyl deň paýlarda üzülmelidir. Karz alyjy taslamanyň umumy möçberiniň azyndan 15 göterimini öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmelidir.

Maýa goýum taslamalary üçin ýeňillikli döwür bellenilip bilner, şeýle hem bu taslamalar tapgyrlaýyn esasda karzlaşdyrylyp bilner.

Merkezi bank täjirçilik banklary bilen ýyllyk 0,5 göterim bilen karz serişdeleri bermek üçin karz şertnamasyny baglaşýar.

Tehnika satyn almak üçin berilýän karzlar boýunça girew hökmünde onuň bahasynyň 70 göterimine çenli möçberi kabul edilýär, galan bölegi üçin bolsa karz alyjynyň geljekde gazanjak girdejileri göz öňünde tutulýar.

Karz alyjylaryň käbir toparlary üçin karzyň üpjünçiligi hökmünde girew, bank kepilligi ýa-da üçünji tarapyň kepilligi kabul edilip bilner. Daýhan birleşikleri üçin üpjünçilik bolup olaryň ähli iş görnüşlerinden alýan girdejileri hyzmat edýär.

Karz almak üçin banka arza, hasaba alnandygy baradaky resminamalar, iş meýilnamasy, ýer bölegine degişli resminamalar we karz alyjynyň görnüşine baglylykda soňky iki ýa-da üç ýylyň girdejileri baradaky maglumatlar tabşyrylmalydyr.

Bank arzanyň hasaba alnan gününden başlap 15 iş gününiň dowamynda karz bermek ýa-da bermekden ýüz öwürmek barada çözgüt kabul etmelidir. Karz bermekden ýüz öwrülen ýagdaýynda onuň sebäpleri ýazmaça görnüşde habar berilmelidir.

Karz serişdeleri nagt däl görnüşde aýratyn karz hasabyna geçirilýär. Bu hasapdan karz alyjynyň töleg tabşyryknamalary boýunça hasaplaşyklary amala aşyryp, şeýle hem daşary söwda şertnamalary boýunça dahylly dälleriň peýdasyna töleg geçirmek üçin daşary ýurt puluny satyn alyp bolýar.

Banklar karz serişdeleriniň bellenen maksada laýyk ulanylyşyny ýerinde barlamaga we her aýda Türkmenistanyň Merkezi bankyna hasabat bermäge, şol sanda karz alanlaryň sanawyny tabşyrmaga borçludyrlar.

Karz serişdeleri bellenen maksada laýyk ulanylmasa, bank degişli möçberi karz alyjynyň hasaplaryndan möhletinden öň tutup alyp biler. Karz tölegleri gijikdirilen ýagdaýynda bolsa, bank şertnamany ýatyrmaga we karzyň galan bölegini möhletinden öň gaýtarmagy talap etmäge haklydyr.

Resminamada oba hojalyk öndürijilerine goldaw bermegiň esasy maksatlarynyň hatarynda hasyllylygy ýokarlandyrmak, peýdalanylmaýan ýerleri özleşdirmek, importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini we eksporty artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijileriň girdejilerini ýokarlandyrmak görkezilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!