Diego Ponselden täze dünýä rekordy
27 ýaşly ispaniýaly türgen Diego Ponsele skeýtbortda ýapgytdan dik duran ýagdaýda aşak inmek boýunça täze dünýä rekordyny goýup, Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy.
Ol sagatda 151,83 kilometr tizlik bilen hereket edip, bu ugurdaky öňki rekordlary yzda galdyrdy.
Türgen öz öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin birnäçe basgançakly ýol geçdi. Ilki 146,88 km/sag tizlik görkezen türgen bu netijä kanagatlanman, kämilleşmegi dowam etdirdi.
Bäş gün arakesmeden soň gaýtadan synanyşan Diego sagatda 150 kilometr tizlik çäginden geçip, 151,83 km/sag görkezijä ýetdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!