Marsda täze taryhy sepgit: «Perseverance» roweri planetara aralyk rekordyny täzeledi
NASA tarapyndan Gyzyl planeta iberilen «Perseverance» roweri başga bir asman jisiminiň ýüzünde iň uzak ýol geçen enjam hökmünde täze taryhy sepgide ýetdi. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Enjamyň ölçeg ulgamy onuň häzire çenli jemi 45,22 kilometr aralygy geçendigini görkezdi. Şeýlelikde, ol 2014-nji ýyldan bäri bu ugurda birinjiligi saklap gelen «Opportunity» roweriniň görkezijisinden öňe geçdi.
«Perseverance» Ýezero krateriniň günbatar tarapyndan ugur alyp, gadymy dag jynslaryndan ybarat bolan Idubi sebitine çenli ýetdi. Şunça aralygy geçmek üçin enjama bäş ýarym ýyl gerek boldy. Şol bir wagtyň özünde, öňki rekordçy «Opportunity» Marsda takmynan 15 ýyllap işläpdi.
Bu taryhy görkeziji rower missiýasynyň Marsdaky 2006-njy gününde gazanyldy.
Roweriň bu üstünliginde «AutoNav» atly akylly awtomatik hereketlendiriş ulgamynyň uly paýy bar. Bu ulgam daş-töweregi seljerip, päsgelçilikleriň 3D kartasyny düzýär we iň amatly ugry özbaşdak saýlaýar.
Öňki rowerler her onlarça metrden saklanyp, täze görkezmelere garaşmaly bolan bolsa, «Perseverance» bir gezekde 412 metre çenli ýol geçip bilýär. Ol umumy geçen ýolunyň 90 göterimden gowragyny hut şu awtomatik ulgamyň kömegi bilen geçdi.
NASA «Perseverance» missiýasynyň iş möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltmak barada karar kabul etdi.
Rower Ýezero krateriniň töwereginde gözleglerini dowam etdirip, Gyzyl planetada gadymy ýaşaýşyň bolup-bolmandygy baradaky soraga jogap tapmaga kömek edip biljek täze ylmy maglumatlary ýygnamagyny dowam etdirer.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!