Netflix-de täze hit: «Eremden gündogarda» serialy
Jon Steýnbege degişli «Eremden gündogarda» romany esasynda düşürilen täze mini-serial ilkinji görkezilişinden soňky dört günüň dowamynda 6,5 million gezek tomaşa edildi we Netflix-iň hepdelik reýtinginde birinji ýeri eýeledi.
Roman esasynda düşürilen serial has köp mahabatlandyrylan «Nägehan» antologiýasynyň Lizzi Bordeniň wakalaryna bagyşlanan dördünji möwsüminden hem öňe geçdi. Ol 5,7 million gezek tomaşa edilipdi.
Serialda baş keşbi Florens Pýu janlandyrýar. Steýnbege degişli eseriň ekranlaşdyrylmagyny «Ýabany durmuş» dramasynyň ssenariçisi we režissýory hökmünde tanalýan Zoi Kazan amala aşyrdy.
«Eremden gündogarda» romany 1952-nji ýylda neşir edildi. Eserde iki doganyň we olaryň arasyndaky düşünişmezligiň sebäbine öwrülen bir aýalyň ykbaly barada gürrüň berilýär. Wakalar maşgalanyň iki neslini öz içine alyp, XX asyr Kaliforniýasynda bolup geçýär.
Eseriň awtory Jon Steýnbek edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesidir.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!