«Nike» kompaniýasy işgär sanyny azaltmagy göz öňünde tutýar
«Nike» kompaniýasy işgär sanyny azaltmagy we sebit bölümleriniň gurluşyny üýtgetmegi göz öňünde tutýan täze üýtgedip gurmak maksatnamasyny yglan etdi.
Bu çözgüt kompaniýanyň Hytaýdaky satuwlarynyň yzygiderli pese gaçýan döwründe kabul edildi. Şu maliýe ýylynyň birinji çärýeginde bu ýurtdaky satuwlar 26 göterim azaldy. Şeýlelikde, pese gaçyş yzly-yzyna dokuzynjy çärýekde hem dowam etdi.
Işgärleriň näçesiniň işden çykaryljakdygy häzirlikçe belli däl. Kompaniýa işgärlere bu barada 2027-nji ýylda habar berip başlamagy meýilleşdirýär.
Maksatnamanyň 2031-nji maliýe ýylyna çenli, takmynan, 2,5 milliard dollar tygşytlamaga mümkinçilik bermegine garaşylýar. Tygşytlamagyň esasy bölegi 2029-njy we 2030-njy ýyllara degişli bolar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!