Niderlandiýa TikTok arkaly ýaşlary goşuna çekip başlap biler
Niderlandiýanyň Goranmak ministrligi harby gulluk baradaky ýalňyş maglumatlara garşy göreşmek we goşuna täze esgerleri çekmek üçin TikTok-dan peýdalanmak isleýär.
Parlamentdäki söhbetdeşlikleriň dowamynda Niderlandiýanyň goranmak ministriniň orunbasary Derk Bosweýk ministrligiň täze sosial ulgamlarda, şol sanda TikTok-da hem işläp başlamak isleýändigini mälim etdi. Edaranyň bu platforma bolan gyzyklanmasyna onuň ýaşlaryň arasyndaky meşhurlygy sebäp boldy.
TikTok arkaly ministrlik bir ýyllyk harby gulluga giren ýaşlaryň derrew Ukraina iberilýändigi baradaky ýalan habarlara garşy göreşmek isleýär. Bosweýk beýle maglumatlaryň hakykata gabat gelmeýändigini nygtady.
Mysal hökmünde Germaniýa goşunynyň «Bundeswehr Karriere» atly harby gulluga çekiş bölümi görkezilýär. Ol platformada degişme wideolaryny, harbylaryň gündelik durmuşyny görkezýän pursatlary we esgerleriň gürrüňlerini paýlaşyp gelýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!