| Ashgabat | 28°C
Dünýaden 01.10.2026, 14:36 2

Dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy saýlandy

Dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy saýlandy

«Skytrax» halkara reýting guramasy tarapyndan her ýyl geçirilýän «World Airline Awards 2026» baýragynyň jemleri boýunça Singapore Airlines dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy diýlip yglan edildi.

Bu awiakompaniýanyň eýýäm altynjy baş baýragydyr.

Reýting ýolagçylaryň arasynda geçirilen giň gerimli pikir soraşmalaryň netijesinde düzülýär. Bu gezekki pikir soraşma 2025-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2026-njy ýylyň awgustyna çenli geçirildi we oňa 100-den gowrak ýurtdan syýahatçylar gatnaşdy.

Olar 300-den gowrak awiakompaniýa baha berdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!