Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
5-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şeýle hem degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, ilki bilen, Arkadag şäherindäki «Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanyna bardy. Bu ýerde hajy Arkadaga metjidiň gurluşygynda we bezeginde ýerine ýetirilýän işler, gurluşykda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary barada maglumat berildi.
Gahryman Arkadag bu ýerde alnyp barylýan işleriň depginleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny, gurluşyklaryň ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmegini we binalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!