Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
«Arçman» şypahanasynda gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen giň gerimli işlere badalga berildi. 2009-njy ýylda bu ýerde 400 orunlyk täze bina guruldy.
Şypahana 7 kilometr uzaklykdan agyz suwy çekildi we giň gerimli abadanlaşdyryş işleri ýaýbaňlandyryldy. Mundan başga-da, şypahananyň çäklerinde Saglyk ýoly çekildi.
Bu bolsa şypahananyň melhem suwy bilen bejerişiň sportuň dürli görnüşleri bilen utgaşdyrylmagyny üpjün edýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!