ABŞ-nyň günbatarynda ýüzlerçe buzluk ýitip gitdi
Soňky onýyllyklaryň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň günbatar sebitlerinde tebigy üýtgeşmeler sebäpli 398 sany buzluk doly ýok boldy.
Şol bir wagtyň özünde, bu sebitdäki buzluklaryň eýeleýän umumy meýdany 35 göterime çenli azaldy.
Portland döwlet uniwersitetiniň professory Endrýu Fonteýniň ýolbaşçylygynda geçirilen barlaglarda taryhy topografik kartalar bilen häzirki zaman hemra we awiasiýa suratlary özara deňeşdirildi.
XX asyryň ikinji ýarymyndaky kartalarda umumy meýdany 562 inedördül kilometre deň bolan 1453 sany buzluk bar bolan bolsa, 2015-nji ýyla çenli olaryň sany 1331-e, eýeleýän meýdany bolsa 367 inedördül kilometre çenli azaldy.
Ýitip giden buzluklaryň sany bilen umumy sanyň arasyndaky tapawut käbir iri buzluklaryň eremegi netijesinde birnäçe ownuk böleklere bölünmegi we olaryň aýratyn buzluk hökmünde hasaba alynmagy bilen düşündirilýär.
Barlag geçirilen döwürde buz gorlarynyň umumy göwrümi 19,7 kub kilometrden 13,2 kub kilometre çenli peseldi.
Buzluklaryň iň köp jemlenen zolagy dag eňňitleri boýunça ýokaryk, takmynan 50 metr töweregi süýşdi.
Barlaglar Alýaskadan başga, ABŞ-nyň esasy çägindäki buz gorlarynyň agramly böleginiň Demirgazyk Kaskad daglarynda ýerleşýändigini görkezýär.
Bu sebite 11,6 kub kilometr çemesi buz düşýär we bu görkeziji öwrenilen çäklerdäki buzlaryň umumy göwrüminiň 89 göterimine golaýydyr.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!