«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» halkara forumynda ALI atly robot myhmanlary garşylar
Aşgabatda oktýabr aýynyň 21-23-i aralygynda geçiriljek OGT 2026 XXXI halkara forumynyň çäginde emeli aň bilen üpjün edilen humanoid robot — ALI görkeziler.
Unitree G1 platformasynyň esasynda döredilen bu robot forumyň myhmanlaryna sergi barada maglumat berer. Şeýle-de, ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmengeologiýa» ýaly döwlet edaralarynyň gazanan üstünliklerini tanyşdyrar.
Çäräniň çäginde nebitgaz senagatynda emeli aňy we robototehnikany ulanmagyň geljegi boýunça tanyşdyrylyşlar hem geçiriler.
Bu bolsa Türkmenistanyň energetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga we sanlylaşdyrmaga berýän ýokary ünsüni görkezýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!