Krit adasynda 8,5 mln ýaşly kerkiň kelleçanagy tapyldy
Krit adasynda ÝUNESKO-nyň geologik seýilgähinde, takmynan, 8,5 million ýyllyk kerkiň kelleçanagy tapyldy. Bu barada Neakriti neşiri habar berýär.
Patras uniwersitetiniň paleontologiýa we stratigrafiýa professory Georgiý Iliopulosyň ýolbaşçylygyndaky alymlar Dihoplus pikermiensis görnüşine degişli galyndyny tapdylar. Bu giçki miosen döwründe Ýewraziýanyň günbatar böleginde ýaşan iki şahly kerkdir.
Tapyndy Sitiýa sebitiniň paleontologik baýlygyny öwrenmek we giňden tanatmak maksady bilen 2025-nji ýylyň martynda başlanan gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykaryldy.
Galyndy arassalamak we konserwasiýa işleri üçin barlaghana ugradyldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!