| Ashgabat | 24°C
Dünýaden 12.10.2026, 16:09 4

Pýuoki kölüniň düýbünden müň ýyllyk gaýyk tapyldy

Pýuoki kölüniň düýbünden müň ýyllyk gaýyk tapyldy

Wiskonsin ştatynyň Pýuoki kölünde suwa çümüp, düýbi zibillerden arassalaýan «4 Seasons Scuba Divers» klubynyň meýletinçi guwwasy Mark Şahtner seýrek duş gelýän taryhy tapynda duş geldi.

Ol suwdan çykmakçy bolup durka, gabyrçaklaryň arasynda agaja meňzeş uzyn obýekte gözi düşdi. Ilki bilen ony ýönekeý agaç sütüni ýa-da balykçylaryň taşlap giden esbaplarydyr öýdüpdir. Emma ýakynlaşanda onuň müňýyllyk taryhy bolan gaýykdygy anyklanyldy.

Şahtner derhal tapylan ýeriň koordinatalaryny belläp, Wiskonsin taryhy jemgyýetiniň deňiz arheology Tamara Tomsen bilen habarlaşdy. Bäş günden soň olar bilelikde köle gaýdyp gelip, gaýygy ölçediler, surata düşürdiler we agaçdan barlag üçin nusga aldylar.

Gaýygyň içi çäge we gyrmança bilen dolandygy sebäpli, ol daşky gurşawyň täsirinden goralyp, berkligini gowy saklapdyr. Tamara Tomsen şeýle gadymy agaç gaýygyň häzirki günlere çenli bu hili gowy ýagdaýda gelip ýetmegini hakyky taryhy seýreklik diýip atlandyrdy.

Hünärmenler bu gaýygyň Giçki Tokaý medeniýetine degişlidigini bellemek bilen, onuň örän uly zähmet we ussatlyk bilen ýasalandygyny aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, ýogyn meşe agajynyň içi daş gurallar ýa-da berk mollýuska gabyklary bilen elden oýulyp, soňra oda tutulyp işlenilipdir.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!