| Ashgabat | 24°C
Syýasat 20.10.2026, 12:40 4

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşdy
Фото: https://mfa.gov.tm/

Samarkant şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyna täze itergi bermäge gönükdirilen öňde boljak möhüm duşuşyklaryň we syýasy geňeşmeleriň tertibini kesgitlediler.

Geçirilen gepleşiklere ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Ilçi Serjio Gor hem gatnaşdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!