Michelin kompaniýasy tekerlerine çip dakyp başlady
Dünýä belli Michelin kompaniýasy teker önümçiligine ylmy-tehniki täzelik girizip, rezin gatlagynyň arasynda ýörite RFID çiplerini hem-de antennalary ýerleşdirip başlady.
Bu çipde önüm baradaky ähli esasy maglumatlar — öndürijiniň kody, modeli, ölçegleri we gaýtalanmajak seriýa belgisi ýazylýar. Başgaça aýdanda, her bir teker özüniň üýtgetmelerden goragly sanly pasportyna eýe bolýar.
Bu tehnologiýa önüm saklananda, daşalanda ýa-da gaýtadan işlenende ýörite skaner arkaly tekeriň häsiýetnamalaryny tiz we takyk bilmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle-de bolsa, tekerlerdäki çipleriň peýda bolmagy awtoulag eýeleriniň arasynda «ulagymyz gizlin yzarlanarmyka?» diýen aladany döretdi.
ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli administrasiýasynyň (NHTSA) hünärmenleri bu meselede sürüjileri arkaýynlaşdyrýarlar.
Olaryň bellemegine görä, tekerlere ýerleşdirilen RFID-bellikler doly passiw bolup, olarda hiç hili batareýa ýa-da özbaşdak energiýa çeşmesi ýokdur.
Çip diňe ýakyn aralykdan skaner tarapyndan radiotolkun goýberilen mahaly işleýär.
Ýörite okaýjy enjam bolmasa, çipiň öz-özünden signal geçirmäge fiziki taýdan mümkinçiligi ýokdur.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!