Messi ýene bir rekord goýdy
Kolleksiýa kartlaryny öndürýän meşhur «Topps» kompaniýasy Lionel Messiniň Argentina milli ýygyndysyndaky karýerasyny tamamlamagyna bagyşlap, «Final Farewell» diýlip atlandyrylan ýörite toplumy köpçülige hödürledi.
Takmynan 20 dollar (19,99 $) bahalanýan we iki sany seýrek duş gelýän kartdan ybarat bolan bu toplum sanlyja günüň dowamynda uly meşhurlyga eýe boldy.
Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bary-ýogy bir hepdäniň içinde bu topluma 664 325 sany sargyt gelip gowuşdy. Bu görkeziji «Topps NOW» seriýasynyň taryhyndaky iň ýokary satylma görkezijisi hökmünde sanawa girdi.
Mundan öň iň ýokary rekord ýapon beýsbol ýyldyzy Şoheý Ohtanyň üstünlikli möwsümine bagyşlanan kartlara degişlidi — 653 737 sargyt.
Messiniň hoşlaşyk toplumy bolsa öňki rekordy 10,6 müňden gowrak sargyt bilen yzda galdyryp, täze rekord goýdy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!