| Ashgabat | 31°C
Dünýaden 03.10.2026, 14:08 4

Maýkl Jordanyň köýnekçesi $12,26 milliona satyldy

Maýkl Jordanyň köýnekçesi $12,26 milliona satyldy

Maýkl Jordanyň 1998-nji ýylyň NBA finalynda geýen köýnekçesi Joopiter auksionynda 12,26 million dollara satyldy.

Netijede, ol häzire çenli auksionda satylan iň gymmat NBA köýnekçesi boldy we şol bir wagtyň özünde-de basketbolçynyň şahsy zatlarynyň arasynda täze rekord goýdy diýip, auksion öýüniň metbugat gullugy habar berýär.

Köýnekçäniň başky bahasy 10–15 million dollar aralygynda kesgitlenipdi.

Bu ak reňkli «Chicago Bulls» eşiginde Jordan 1998-nji ýylyň 7-nji iýunynda final tapgyrynyň «Utah Jazz» toparyna garşy üçünji duşuşygyna çykypdy.

Şonda «Chicago» garşydaşyny 96:54 hasaby bilen derbi-dagyn etdi, Jordan bolsa 43 minutda 24 utuk toplady.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!