Özboluşly aýratynlyklary bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna giren şahsyýetler
Adatdan daşary ukyplary we aýratynlyklary bilen dünýäni haýrana galdyran adamlaryň edýän zatlaryna göz ýetireniňde, ynsan mümkinçiliginiň çäksizdigine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Şol sebäpli hem olaryň köpüsi «Ginnesiň rekordlar kitabyna» girmegi başardylar. Eýsem, bu täsin şahsyýetler kimler?
Şridhar Çillal (iň uzyn dyrnakly adam): Çep eliniň dyrnaklaryny 66 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ösdürip ýetişdiren bu adam dünýä meşhurlygyny gazandy. Onuň dyrnaklarynyň bilelikdäki umumy uzynlygy 9 metrden hem geçýär.
Sultan Kösen (iň uzyn boýly ýaşaýjy): Häzirki wagtda ýer ýüzünde ýaşaýan iň uzyn adam hökmünde bellige alnan Köseniň boýy 2 metr 51 santimetre deňdir.
Nik Stoberl (iň uzyn dilli adam): Diliniň uzynlygy 10 santimetrden geçýän Stoberl özüniň bu seýrek duş gelýän aýratynlygy bilen Ginnesiň sanawynda özüne orun aldy.
Robert Uodlow (taryhdaky iň uzyn adam): Bütin adamzat taryhynda iň uzyn adam hökmünde bellige alnan Uodlowyň boýy 2 metr 72 santimetre ýetipdir. Bu rekord häzirki güne çenli täzelenmän galýar.
Hassanal Bolkiah (iň baý awtoulag kolleksiýasy): Bruneý soltanynyň eýeçiliginde 7000-den gowrak gymmat bahaly we seýrek duş gelýän awtoulag bar. Onuň garajynda «Ferrari», «Rolls-Royce», «Bentley» hem-de «Lamborghini» ýaly dünýäniň iň meşhur markalary jemlenendir.
Hakykatdan hem, her bir ynsanyň özüne mahsus bir aýratynlygy bar, emma olaryň käbirleri öz üýtgeşikligi bilen bütin dünýäniň taryhynda yz goýup gidýärler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!