| Ashgabat | 28°C
Sport 16.10.2026, 12:57 3

Lionel Messi kaşaň täze ýahta sargyt etdi

Lionel Messi kaşaň täze ýahta sargyt etdi

Dünýä belli futbolçy Lionel Messi öz flotuny täze we has döwrebap suw ulagy bilen baýlaşdyrmagy makul bildi. Ol «Sunreef Yachts» kompaniýasyna bahasy 10 million dollardan gowrak bolan «Sunreef ULTIMA 88» kysymly kaşaň katamaran sargyt etdi.

Uzynlygy takmynan 27 metre ýetýän gämi häzirki wagtda BAE-däki gämi gurluşyk ussahanasynda gurulýar.

Onuň içindäki amatlyklar ýokary derejede bolup, bäş sany otagy, giň ýatylýan zolagy, panoramalaýyn dynç alyş meýdançalaryny, «Ocean Lounge» basseýnini hem-de gidrosikl üçin niýetlenen ýörite garažy öz içine alýar.

Ýahtany herekete getirmek üçin hersiniň kuwwaty 1000 at güýjüne deň bolan iki sany kuwwatly hereketlendiriji oturdylar.

Gämi gurlup gutarylandan soň Ispaniýanyň meşhur Balear adalaryndaky «MIM Ocean» flotunyň hataryna goşular.

Maşgalasy bilen açyk deňizde wagt geçirmegi aýratyn gowy görýändigini bellän argentinaly hüjümçi täze gämide ýakynlary bilen ýatdan çykmajak dynç alyş günlerini geçirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny mälim etdi.

«YachtWorld» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu kysymly katamaranlar öň takmynan 10,4 million dollar bahadan satuwa çykarylypdy. Emma bu ylalaşygyň anyk nyrhy we gäminiň haçan gowşuryljakdygy gizlin saklanýar.

Bu ýokary derejeli brendiň müşderileriniň arasynda Rafael Nadal, Robert Lewandowski, Karlos Alkaras we Fernando Alonso ýaly dünýä belli sport ýyldyzlary hem bar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!