| Ashgabat | 32°C
Dünýaden 02.10.2026, 14:57 2

Lexus RX krossowerini täzeledi

Lexus RX krossowerini täzeledi

Lexus kompaniýasy Ýaponiýanyň awtoulag bazarynda täzelenen RX krossoweriniň satuwyna başlandygyny habar berdi.

Modeliň daşky görnüşine we salonynyň bezegine ujypsyz üýtgeşmeler girizildi, gabarasy täzeçe reňklendi we şassisi kämilleşdirildi.

Meýilnamalaýyn täzelenişiň çäklerinde inženerler awtoulagyň sürüş häsiýetlerini gowulandyrmaga aýratyn üns berdiler. Şassiniň sazlamalaryny kämilleşdirmek we synagdan geçirmek işleri Germaniýanyň Nýurburgring şäherinde geçirildi.

Hünärmenler adaptirlenen asma ulgamynyň işleýşini amatlaşdyrdylar. Şeýle hem ruly dolandyrýan elektrik güýçlendirijisini we doly dolandyrylýan şassi ulgamynyň algoritmlerini täzeden sazladylar.

Bu bolsa sürüjiniň hereketlerine ulagyň has takyk we tebigy jogap bermegine, şol bir wagtda ýoluň bitekiz ýerlerinde ulagyň ýumşak gidişini saklamaga mümkinçilik berdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!