| Ashgabat | 25°C
Jemgyýet 13.10.2026, 12:44 1

Kubik Rubigi 2,51 sekuntda: Hytaýly Sýuýi Gen täze dünýä rekordyny eýeledi

Kubik Rubigi 2,51 sekuntda: Hytaýly Sýuýi Gen täze dünýä rekordyny eýeledi

Guançžou şäherinde (Guandun welaýaty, Hytaý) geçirilen «Guangzhou Grand Open 2026» halkara ýaryşy taryhy waka bilen ýatda galdy.

Ýaryşyň barşynda Sýuýi Gen atly gatnaşyjy 3 × 3 × 3 ölçegdäki adaty Rubigiň kubigini bary-ýogy 2,51 sekuntda doly ýygnamagy başardy. Bu ajaýyp görkeziji Guinness World Records tarapyndan resmi taýdan hasaba alyndy.

Sýuýi Gen öňki rekordy 0,25 sekunt gowulandyrmagy başardy.

Ýatladyp geçsek, mundan ozalky iň gowy netije polşaly Teodor Zaýdere degişlidi. Ol 2026-njy ýylyň 8-nji fewralynda Gdanşk şäherinde geçirilen ýaryşda kubigi 2,76 sekuntda ýygnapdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!