| Ashgabat | 28°C
Bilim 15.10.2026, 16:45 4

Aşgabatdaky Koreý bilim merkezi işe çagyrýar

Aşgabatdaky Koreý bilim merkezi işe çagyrýar

Aşgabatdaky Patyşa Sejong adyndaky Koreý bilim merkezi administratoryň kömekçisi wezipesine işgär kabul edilýändigini yglan etdi.

Dalaşgärleriň koreý, türkmen we rus dillerini erkin bilmegi, Microsoft Office programmalaryndan baş çykarmagy, şeýle hem talyplar we olaryň ene-atalary bilen netijeli aragatnaşyk saklamak başarnygynyň bolmagy talap edilýär.

Arzalar 18-nji oktýabra çenli kabul ediler.

Has giňişleýin maglumatlary Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!