Apple-1 kompýuteri täze rekord goýup, 1,1 million dollardan gowrak baha satyldy
Rowaýata öwrülen Apple-1 kompýuterleriniň biri «Bonhams» auksionynda 1 148 200 dollara satylyp, täze rekord goýdy. Bu barada «Hypebeast» neşirine salgylanyp habar berilýär.
Satylan enjamyň jemleýji bahasy hünärmenleriň öňünden çaklan 500–800 müň dollar aralygyndaky bahasyndan hem ep-esli ýokary boldy.
«Hatfield» diýlip atlandyrylýan bu seýrek enjam öz adyny ilkinji eýesi Fred Hatfildden alypdyr. Ol 1978-nji ýylda maksatnamalaýyn üpjünçiligiň azlygy sebäpli kompaniýa ýüz tutupdyr.
Şonda Stiw Jobs oňa şahsy hat arkaly Apple-1 kompýuterini 400 dollar töleg goşmak bilen täze Apple II platasyna çalşyp bermegi teklip edipdir.
1976-njy ýylda Stiw Woznýak tarapyndan elde ýygnalan 48-nji belgili bu plata örän seýrek duş gelýär. Häzirki wagtda dünýä boýunça Apple-1 kompýuterleriniň diňe 74 nusgasynyň saklanyp galandygy aýdylýar.
Ilkibaşda Hatfild bejergä mätäç bolan bu enjamy Stiw Jobsyň haty bilen bilelikde hususy alyja 40 müň dollara satypdyr.
Enjam doly dikeldilenden soň, Stiw Woznýak onuň platasynda öz goluny goýupdyr. Şondan soň 2013-nji ýylda işjeň ýagdaýa getirilen bu Apple-1 takmynan 686 müň dollara satylypdy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!