| Ashgabat | 23°C
Dünýaden 19.10.2026, 11:25 1

KFC we Coca-Cola hyzmatdaşlygy täzeden dikeldilýär

KFC we Coca-Cola hyzmatdaşlygy täzeden dikeldilýär

ABŞ-daky KFC restoranlar ulgamy myhmanlaryna hödürleýän içgileriniň görnüşinde düýpli üýtgeşme girizýär.

Mehmanhana-restoran pudagynda tas 40 ýyla golaý dowam eden PepsiCo bilen hyzmatdaşlykdan soň, brend mundan beýläk Coca-Cola kompaniýasy bilen işlejekdigini yglan etdi.

Bu taryhy täzelenme ABŞ-nyň çägindäki 3600-den gowrak KFC nokadyny öz içine alar.

Meýilnama görä, Coca-Cola önümleriniň ilkinji tapgyry 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda getiriler. Ýaz paslyna çenli bolsa bu içgiler ýurtdaky ähli KFC nokatlarynyň menýusyna doly giriziler.

Taraplaryň arasyndaky ylalaşygyň maliýe tarapy barada resmi maglumat berilmedi.

Täze şertnama diňe Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bazaryna degişlidir. KFC-niň beýleki döwletlerdäki şahamçalary PepsiCo bilen işleşmegini öňkisi ýaly dowam etdirer.

Bellenilmeli zat, KFC brendi «Pizza Hut» we «Taco Bell» ýaly belli ulgamlary hem öz içine alýan «Yum! Brands» holdingine degişlidir.

Hünärmenler üpjün edijiniň çalşylmagyny KFC-niň ABŞ-daky bazarda öz ornuny berkitmek synanyşygy hökmünde bahalandyrýarlar.

Häzirki wagtda brend öz menýusyny täzelemek we alyjylara has giň mümkinçilikleri hödürlemek boýunça giň gerimli özgerişleri geçirýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!