Dünýäniň her ýedinji ýaşaýjysy Samsung Galaxy smartfonyny ulanýar
Samsung dünýäde Galaxy smartfonlaryny ulanýanlaryň sanyny mälim etdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Galaxy maşgalasynyň enjamlaryny, takmynan, 1,2 milliard adam ulanýar.
Bu bolsa dünýä ilatynyň takmynan her ýedinji adamynyň Galaxy smartfonuny ulanýandygyny aňladýar. Kompaniýa gürrüňiň Samsung-yň taryhynyň dowamynda satan smartfonlarynyň umumy sany barada däl-de, hut Galaxy enjamlaryny ulanýan adamlaryň sany barada gidýändigini belleýär.
Samsung şeýle giň ýaýrawyň esasy sebäpleriniň biri hökmünde modelleriniň köpdürlüligini görkezýär. Kompaniýa elýeter bahaly Galaxy A seriýasyndan başlap, käbir görnüşleriniň nyrhy, takmynan, 2400 dollara ýetýän eplenýän flagman modellerine çenli dürli bahadaky smartfonlary öndürýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!