| Ashgabat | 23°C
Jemgyýet 07.10.2026, 15:39 5

Konsert güni stadiona näçelik awtobus baraýar?

Konsert güni stadiona näçelik awtobus baraýar?

Daşary ýurtly estrada ýyldyzlarynyň konserti üçin «Aşgabat» stadionyna jemi 4 ugur boýunça awtobuslar barar.

Gurtly — Kardiologiýa merkezi ugurly 142-lik awtobus stadiona diňe Gurtludan gelende barýar. Awtokombinat — Arkadag oteli ugurly 57-lik awtobus bolsa Awtokombinatdan gelende şol duralgada saklanýar.

9-njy oktýabr güni sagat 14:00-dan başlap «Aşgabat» stadionynyň duralgasyna Gurtly — Parahat ugurly 14-lik awtobus we Wokzal — Arkadag oteli ugurly 54-lik awtobus hem barar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!