| Ashgabat | 26°C
Jemgyýet 08.10.2026, 18:49 1

Meşhur aýdymçy Maýa Diýab Aşgabada geldi

Meşhur aýdymçy Maýa Diýab Aşgabada geldi

Meşhur liwanly aýdymçy we teleýaýlym alypbaryjysy Maýa Diýab şu gün Aşgabat şäherine geldi. Daşary ýurtly myhman Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde mähirli garşylandy.

Meşhur aýdymçynyň saparynyň maksady — ertir, 9-njy oktýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçiriljek daşary ýurt estrada ýyldyzlarynyň uly konsertine gatnaşmak. Konsert sagat 18:00-da başlanar.

Maýa Diýab sahnany beýleki daşary ýurtly aýdymçylar bilen paýlaşar. Giň gerimli konsert maksatnamasynyň çäginde Russiýanyň meşhur aýdymçysy Nýuşa, şeýle hem türk ýyldyzlary Hadise we Murat Boz hem çykyş ederler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!