| Ashgabat | 25°C
Dünýaden 13.10.2026, 11:42 3

Ýangyn sebäpli alada artýar: ilatlar wagtlaýyn göçüriler

Ýangyn sebäpli alada artýar: ilatlar wagtlaýyn göçüriler

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Los-Anjeles sebitinde nobatdaky tokaý ýangyny turdy. Häkimiýetleriň «Bike» diýip atlandyran bu alaw ojagy Santa-Klarita ilatly punktunyň golaýynda tutaşdy.

Ýangyn gysga wagtyň içinde 70 gektardan gowrak meýdany gurşap aldy. Şamalyň we gury howanyň täsiri bilen alawyň çalt ýaýramagy sebäpli, ýerli gulluklar howp astyndaky 8 sany ýaşaýyş etrapçasyndaky ilaty wagtlaýyn göçürmek kararyna geldiler.

Öýlerini taşlamaly bolan ýaşaýjylar üçin Santa-Klaritadaky «College of the Canyons» kollejiniň binasynda wagtlaýyn ýerleşdiriş merkezi döredildi.

Bu waka ýerli ilatyň arasynda uly alada döretdi. Sebäbi geçen ýylyň ýanwar aýynda hem Los-Anjeles töwereginde tutaşan güýçli tokaý ýangynlary agyr ýitgilere getiripdi. Şonda 30-dan gowrak adam aradan çykyp, 15 müňden gowrak jaý we beýleki emläk, şol sanda meşhur şahsyýetleriň öýleri hem ýanypdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!