| Ashgabat | 25°C
Gyzykly maglumat 13.10.2026, 13:36 1

Emeli inkubasiýanyň döreýiş we ösüş ýoly

Emeli inkubasiýanyň döreýiş we ösüş ýoly

Guşçulyk pudagynyň iň düýpli binýatlarynyň biri emeli inkubasiýa ulgamydyr. Bu usul guş ýumurtgalaryndan ýylyň islendik paslynda jüýje çykarmaga hem-de olaryň sanyny yzygiderli köpeltmäge mümkinçilik berýär.

Emeli inkubasiýanyň taryhy mundan 2,5 müň ýyldan gowrak ozala — Gadymy Müsüre baryp ýetýär. Ol wagtlar bu syrly hünär diňe ruhanylar tarapyndan berk gizlinlikde saklanypdyr we olaryň tapan usullary hiç kim bilen paýlaşylmandyr.

Biziň eýýamymyzdan öňki 247–207-nji ýyllar aralygynda bolsa Hytaýda ýönekeý gurluşly ilkinji inkubatorlar ulanylyp başlanypdyr.

Ýewropa ýurtlary bu ugurda uzak wagtlap şowsuzlyklara uçrapdyrlar. 1212–1250-nji ýyllarda Fridrih II gündogar tejribesini öwrenmek üçin Müsürden hünärmenleri çagyrsa-da, çörek peçlerinde geçirilen synaglar garaşylan netijäni bermändir. Sebäbi şol döwürde gurluşyň içindäki durnukly howa şertlerini ölçemek we gözegçilikde saklamak mümkin bolmandyr.

Italýan fizigi Jiowanni Porta agaç gutulardan we lampa bilen ýyladylýan demir turbalardan ybarat täze gurluşy oýlap tapypdyr. Daniýaly mehanik Kornelis Drebbel bolsa özbaşdak temperatura sazlaýjyny — termoregulýatory peýdalanyp, suw arkaly ýyladylýan inkubatory döredipdir.

Şeýlelikde, inkubatoryň ýasalyp taýýarlanylyşy hem-de jüýje çykarmak üçin zerur bolan şertler ilkinji gezek resmi tertipde çap edilip, giň köpçülige ýetirilipdir.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!