Faks enjamynyň döreýiş we ösüş taryhy
Resminamalaryň we hatlaryň göçürmesini uzak aralyga dessin geçirmäge mümkinçilik berýän faks tehnologiýasy telefondan hem öň — 1843-nji ýylda şotland oýlap tapyjysy Aleksandr Beýn tarapyndan döredildi.
Aradan iki ýyl geçip-geçmänkä, ýagny 1845-nji ýylda Jowanni Kazelli Lion we Pariž şäherleriniň arasynda ilkinji täjirçilik maksatly faks aragatnaşyk ulgamyny ýola goýdy.
Skanerlemek arkaly işleýän optiki faks görnüşi bolsa 1902-nji ýylda nemes alymy Artur Korn tarapyndan işlenip düzüldi we gazet metbugaty üçin surat geçiriji gulluk döredildi.
Wagtyň geçmegi bilen dürli önümçilik kärhanalarynyň bu ugra goşulmagy netijesinde faks enjamlary gurluş taýdan ýönekeýleşdirildi. Şol döwürde bir sahypany ugratmak üçin 4–6 minut töweregi wagt gerek bolýardy.
Soňra «Telecommunications Standardization Sector» tarapyndan täze standartlar işlenip düzüldi we olar faks öndürijiler tarapyndan giňden kabul edildi.
1990-njy ýyllarda internet ulgamynyň giňden ýaýramagy we elektron poçtanyň ulanyşa girmegi bilen halkara guramalar hem-de hususy kärhanalar sanly aragatnaşyk serişdelerine geçip başladylar.
Şunuň bilen baglylykda, faks enjamlaryna bolan isleg hem kem-kemden azaldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!