Israel Adesaniýa garaşylýanyndan has ir oktagona dolanar
Abraýly sport žurnalisti Ariel Helwaniniň berýän maglumatlaryna görä, UFC-niň orta agram derejesiniň öňki çempiony Israel Adesaniýa 2026-njy ýylyň 5-nji dekabrynda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Saudi Arabia» ýaryşynyň esasy söweşine çykar.
Onuň garşydaşy soňky döwürde uly meşhurlyk gazanan russiýaly Şara «Bullet» Magomedow bolar.
37 ýaşly Adesaniýa üçin bu tutluşyk özüniň henizem orta agram derejesiniň iň güýçli söweşijileriniň hataryndadygyny subut etmek üçin soňky mümkinçilikleriň biri bolup biler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!