Ilon Mask mirasyny kime goýjakdygyny mälim etdi
«The Builders» podkastynyň dowamynda belli biograf Wolter Aýzekson bilen pikir alyşan Ilon Mask özüniň jemlenen baýlygynyň agramly böleginiň ýörite dörediljek haýyr-sahawat gaznasyna geçiriljekdigini bildirdi.
Bu gaznanyň durnukly energetikany ösdürmek, adamzadyň aň-düşünjesini giňeltmek hem-de strategik maksatlara hyzmat etmek üçin dörediljekdigi bellenildi.
Telekeçiniň sözlerine görä, ol öz baýlygyny banklardaky nagt pullar bilen deňeşdirmegi nädogry hasaplaýar. Çünki onuň belli bir bölegi Tesla we SpaceX ýaly iri kompaniýalardaky taslamalaryndan ybaratdyr.
Mask bu taslamalara eýelik etmegiň kompaniýalarda aýgytlaýjy ses beriş hukugyny saklamak üçin zerurdygyny nygtady.
Şunlukda, ol biznese gönüden-göni täsir edip, toplanylan serişdeleri kosmos hem-de ekologiýa taýdan durnukly tehnologiýalar ýaly möhüm taslamalara gönükdirip bilýär.
Şol sebäpli hem Maskyň miras meselesi diňe bir puly paýlamak däl, eýsem, geljekde bu iri kompaniýalaryň strategiýasyna kimiň ýolbaşçylyk etjekdigini hem kesgitleýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!