| Ashgabat | 31°C
Tehnologiýalar 03.10.2026, 14:12 1

Huawei kompaniýasy iň kämil täze smartfonlaryny hödürleýär

Huawei kompaniýasy iň kämil täze smartfonlaryny hödürleýär

Huawei kompaniýasy özüniň flagman Mate 90 tapgyrynyň iň kämil smartfonlaryny — Pro Max, Collector’s Edition we RS Ultimate Design modellerini çykardy.

Modelleriň üçüsi hem 6,9 dýuýmlyk iki gatly OLED displeýleri, 6800 mA/sag sygymly akkumulýatorlary we 200 Mp periskopik teleobýektiw kameralary bilen üpjün edildi.

Uly wersiýalar 1 dýuýmlyk sensory we 10 esse optiki zumy bolan daşky Huawei Ruiying Z10 modully kamerany hem goldaýar.

Flagman hatary premium stilde ýerine ýetirildi: Mate 90 Pro Max uly tegelek kamera bloguny aldy, yzky paneli bolsa kristal gurluşyna meňzeş geometrik şekiller bilen bezeldi.

Collector’s Edition güýçlendirilen gorag aýnasy bilen, RS Ultimate Design bolsa sekizburçly kamera moduly, titan çarçuwasy we korpusyň eksklýuziw materiallary bilen tapawutlanýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!