| Ashgabat | 21°C
Dünýaden 24.10.2026, 13:05 2

Hermès dünýäniň iň gymmat moda brendleriniň reýtinginde birinji orna geçdi

Hermès dünýäniň iň gymmat moda brendleriniň reýtinginde birinji orna geçdi

Fransuz moda öýi Hermès FashionUnited neşiriniň täze sanawynda Louis Vuitton-y yza galdyryp, taryhynda ilkinji gezek dünýä boýunça birinji orny eýeledi.

Bir ýylyň dowamynda brendiň bahasy 40%-den gowrak ýokarlanyp, 45,2 milliard dollara ýetdi. Bazar görkezijileri hem-de biržadaky kapitallaşma boýunça hem Hermès liderligi öz eline almagy başardy.

Sanawyň ilkinji onlugyna girýän brendleriň umumy bahasy 222,3 milliard dollara ýetip, ähli 100 brendiň jemi bahasynyň — 451 milliard dollaryň — uly bölegini emele getirdi.

Reýtingiň ilkinji onlugy:

  1. Hermès — 45,2 mlrd $

  2. Louis Vuitton — 36,7 mlrd $

  3. Chanel — 29 mlrd $

  4. Nike — 26,7 mlrd $

  5. Zara — 20,4 mlrd $ — çalt moda segmentindäki iň gymmat brend

  6. Uniqlo / Adidas — köpçülikleýin we sport segmentleri

  7. Cartier — 14 mlrd $ — 9-njy orundan 7-nji orna ýokarlandy

  8. Adidas / Uniqlo

  9. Rolex — 11,6 mlrd $ — 7-nji orundan 9-njy orna düşdi

  10. Dior — 9 mlrd $ — yzly-yzyna ikinji ýyl ilkinji onlugy jemleýär

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!