NVIDIA kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jensen Huang Astanada emeli aňyň geljegi barada çykyş eder
Gazagystanyň Emeli aň we sanly ösüş ministrliginiň habar bermegine görä, «NVIDIA» kompaniýasynyň düýbüni tutujy hem-de ýolbaşçysy Jensen Huang 23-nji oktýabrda Astana şäherinde geçiriljek duşuşyga gatnaşar.
Çärede emeli aň tehnologiýalarynyň geljekdäki ösüş ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
Açyk söhbetdeşlik («Fireside Chat») görnüşinde geçiriljek bu duşuşyk adaty tanyşdyryşlar bilen çäklenmän, erkin pikir alyşmaga mümkinçilik döreder.
Söhbetdeşligiň dowamynda Jensen Huang Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, emeli aň we sanly ösüş ministri Žaslan Madiýew bilen bilelikde emeli aňyň geljekki mümkinçiliklerini seljerer.
Guraýjylar çärä gönüden-göni gatnaşyp bilmeýänler üçin internet arkaly göni ýaýlym hem guramagy meýilleşdirýärler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!