| Ashgabat | 23°C
Dünýaden 19.10.2026, 11:18 3

Finlýandiýaly aşpez gazly suw içmek boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Finlýandiýaly aşpez gazly suw içmek boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Finlýandiýaly aşpez Tomi Kotilaýnen ýarym litr pyrtykally gazly içgini bary-ýogy 3,16 sekundyň içinde içip, täze dünýä rekordyny goýdy.

Rekordyň resmi taýdan bellige alynmagy üçin ýörite hünärmenler çagyrylyp, wagtyň takyklygy taýmer arkaly gözegçilikde saklandy.

Netijede, aşpeziň bu görkezijisi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Kotilaýnen öz sözlerinde eýýäm köp wagtdan bäri özboluşly we üýtgeşik ugurda üstünlik gazanmak isleginiň bolandygyny belledi.

Aşpez munuň bilen çäklenmän, geljekde hem içgileri çalt içmek boýunça täze rekordlary goýmaga we bu gezekki netijesini has-da gowulandyrmaga taýýarlanýandygyny bildirdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!