| Ashgabat | 23°C
Dünýaden 19.10.2026, 11:16 1

Tebigaty goramaga gönükdirilýän maliýe goldawy ýeterlik däl

Tebigaty goramaga gönükdirilýän maliýe goldawy ýeterlik däl

Ýerewanda geçirilen BMG-niň Biologik köpdürlülik boýunça COP17 Liderler sammitinde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş daşky gurşawy goramak hem-de ekologiýa maýa goýumlaryny artdyrmak bilen bagly möhüm meselelere ünsi çekdi.

Çykyşda bellenilip geçilişi ýaly, häzirki wagtda tebigaty goramak üçin bölünip berilýän her 1 dollara garşylyklylykda tebigy serişdeleri bozmak we zaýalamak üçin 30 dollar sarp edilýär.

Diňe 2023-nji ýylyň dowamynda agyr senagat, agrobiznes we uglewodorod serişdelerini gazyp almak ýaly daşky gurşawa zyýan ýetirýän pudaklara 7,3 trillion dollar gönükdirildi.

Biologik köpdürlüligi gorap saklamak baradaky global maksatlara ýetmek üçin ýylda takmynan 1 trillion dollar gerek bolup, bu görkeziji dünýä boýunça Jemi içerki önümiň (JIÖ) bary-ýogy 1 göterimine deňdir.

2010-njy ýyldan bäri gün panelleriniň bahasy 90 göterim, akkumulýatorlaryň bahasy bolsa 95 göterim arzanlady. Şol sebäpli ýaşyl energetika goýulýan maýa goýumlar nebit-gaz pudagy bilen deňeşdirilende iki esse çalt köpelýär.

Şeýle-de bolsa, arassa energiýanyň peýdasy dünýä boýunça deň paýlanmaýar. BMG-niň ýolbaşçysy halkara maliýe edaralarynyň ösüp barýan döwletlere bu ugurda kömek etmelidigini bildirdi.

Baş sekretar öz wezipesiniň tamamlanmagyna 76 günüň galandygyny ýatladyp, klimat çökgünligine garşy göreşi hem-de biologik köpdürlüligi goramagy geljekki nesiller üçin baş maksat edinendigini aýtdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!