| Ashgabat | 26°C
Tehnologiýalar 17.10.2026, 13:19 1

Täze dizaýndaky ýewropaly krossower bazardaky bäsdeşlerini yza galdyrmaga taýýarlanýar

Täze dizaýndaky ýewropaly krossower bazardaky bäsdeşlerini yza galdyrmaga taýýarlanýar

Hyundai tarapyndan Ýewropa bazary üçin ýörite taýýarlanan başlangyç derejeli bu şäher krossoweri düýpli täzelendi.

Mundan beýläk awtomobil köp sanly ýaş sürüjileriň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Daşky görnüşinde has berk dizaýn elementleri artdyrylyp, ýörite sport görnüşli wersiýa hem goşuldy.

Şeýle hem maşynyň teker bazasy ulaldylyp, içerki giňişlik has amatly ýagdaýa getirildi. Salon täze multimedia ulgamlary, döwrebap ekranlar we oturgyçlary dolandyrmagyň ösen mümkinçilikleri bilen enjamlaşdyryldy.

Tehnologik täzelikleriň arasynda smartfon arkaly hereketlendirijini işe girizmäge mümkinçilik berýän Hyundai Digital Key 2 açary we Bose ses ulgamy bar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!