| Ashgabat | 25°C
Tehnologiýalar 19.10.2026, 12:28 6

Bu habar Samsung muşdaklary üçin

Bu habar Samsung muşdaklary üçin

Internet maglumatlarynda Samsung kompaniýasynyň 2027-nji ýylda birbada 6 sany eplenýän smartfony taýýarlamagy meýilleşdirýändigi barada habarlar peýda boldy.

Sanawda Galaxy Slide, Galaxy TriFold 2, Galaxy Fold 9 Ultra, Galaxy Fold 9 Pro, Galaxy Fold 9 we Galaxy Flip 9 modelleri bar.

Iň köp ünsi çekýän enjam ekrany süýşürilip giňeldilýän Galaxy Slide smartfonydyr.

Kompaniýanyň özi heniz täze modelleriň sanawyny we olaryň satuwa çykjak senesini resmi taýdan tassyklamady.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!