Hytaýyň awtoulag eksporty dünýä bazarynda rekord goýýar
Hytaýyň awtomobil senagatynyň dünýä bazaryndaky orny barha pugtalanýar. Şu ýylyň ilkinji 9 aýynyň jemleri boýunça Hytaýdan daşary ýurtlara 8,63 million sany awtoulag eksport edildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 51,9 göterim köpdür.
Eksport edilen awtoulaglaryň umumy pul möçberi hem 54,3% artyp, 149,9 milliard dollara ýetdi.
«SteelHome» portaly Hytaýyň gümrük gullugyna salgylanyp, diňe sentýabr aýynyň özünde daşary ýurtly sarp edijilere 1,18 million awtoulagyň ugradylandygyny habar berýär.
2024-nji ýylda eksportyň möçberi 22,8% artdy. 2025-nji ýylda bolsa ýene 30% ösüş gazanylyp, ýyllyk eksport 8,32 million birlige ýetdi.
Şeýlelikde, Hytaýyň awtoulag öndürijileri 2026-njy ýylyň diňe ilkinji 9 aýynda geçen ýyldaky tutuş ýyllyk rekord görkezijiden hem öňe geçmegi başardylar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!