Adamyň garramagyny öwrenmek üçin kosmosa beýni we ýürek dokumalary iberiler
Alymlar Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) SpaceX CRS-35 missiýasynyň çäginde adam beýnisiniň we ýüreginiň bioinženerlik usuly bilen döredilen täze dokumalaryny ugratmaga taýýarlanýarlar.
ABŞ-nyň Ikan lukmançylyk mekdebiniň hünärmenleri tarapyndan geçirilmeli bu ylmy barlaglar mikrograwitasiýanyň hem-de kosmos radiasiýasynyň adam bedeniniň garramagyny nähili tizleşdirýändigini öwrenmäge gönükdirilendir.
Synag üçin adamyň kök öýjüklerinden ösdürilip ýetişdirilen beýniniň kämilleşdirilen mini-modeli ulanylar. Bu model diňe bir neýronlary däl, eýsem astrositleri, immun öýjüklerini we gan damarlaryny hem öz içine alyp, beýniniň hakyky gurluşyny has takyk gaýtalaýar.
Şeýle hem donor öýjüklerinden alynan we işjeň ýürek organoidlerini saklaýan mikroçipli ulgam ulanylar.
Agramsyzlyk şertlerinde awtomatlaşdyrylan barlaghana dokumalara her gün elektrik impulslary arkaly täsir eder, synaglary geçirer we mikroskopik derňewler üçin nusgalary ýygnar.
Kosmos uçuşynyň özboluşly şertleri adam öýjüklerinde garrama meňzeş üýtgeşmeleri çaltlandyrýar. Orbitada geçiriljek bu gözegçilikler alymlara genetiki faktorlaryň, şol sanda APOE4 geniniň Ýerdäki adamlarda neýrodegeneratiw — nerw ulgamynyň zaýalanmagy bilen bagly keselleriň döremegindäki roluny öwrenmäge kömek eder.
Gözlegçilere görä, NASA-nyň öňki missiýalarynda diňe ýürek myşsasynyň aýry-aýry öýjükleriniň çydamlylygy barlanypdy. Täze synag bolsa kosmos şertleriniň doly kemala gelen gan damarlaryna we neýron zynjyrlaryna edýän täsirini has düýpli öwrenmäge mümkinçilik berer.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!