Ýurdumyzyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy
Yrak Respublikasynyň Bagdat şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisi geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.
Mejlisiň dowamynda halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, şeýle hem Gurama agza döwletleriň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumiziň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!