Murat Boz Türkmenistanda konsert berermi?
Türk aýdymçysy Murat Boz özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda paýlaşan konsertleriniň meýilnamasynda Türkmenistanda geçiriljek konserti hem görkezdi.
Meýilnama görä, Türkmenistandaky çykyşlar 9-njy we 10-njy oktýabr günlerine meýilleşdirilýär.
Emma meýilnamada konsertleriň geçiriljek ýerleri, başlanýan wagty, şeýle-de Türkmenistanyň haýsy şäherlerinde boljakdygy takyklanmaýar.
Ýeri gelende bellesek, aýdymçy 2024-nji ýylyň dekabrynda hem Aşgabatda Täze ýyl konsertini beripdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!